Welaýat häkimliginde bolan maslahat

10 Aprel 2024
349

Welaýat häkimliginiň uly mejlisler zalynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ýanwar-mart aýlarynda welaýatymyzda dürli ugurlarda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanylan maslahat boldy. Oňa welaýat häkimliginiň ýolbaşçy düzümi, we jogapkär işgärleri, etraplaryň we şäherleriň häkimleri we olaryň orunbasarlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň welaýatymyzdan saýlanylan deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Ýygnagy welaýatyň häkimi Begençmyrat Orazow açdy we alyp bardy. Häkim öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň 6-njy aprelde sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirendigini, mejlisde 2024-nji ýylyň ilkinji üç aýynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garalandygyny hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny habar berip, şol mejlisde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň eden çykyşyndan gelip çykýan wezipeler barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de ol mejlisde hormatly Prezidentimiziň degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, ähli pudaklar boýunça işleriň ýagdaýyna adalatly baha berendigi, öňde duran wezipeleri anyk kesgitländigi we degişli tabşyryklary berendigi barada aýtdy.