Türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypa

8 Aprel 2024
168

Geçen hepdede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran iki günlük resmi sapary ýokary netijeler bilen üstünlikli tamamlandy.

4-nji aprelde resmi saparyň birinji güni Duşenbede Gahryman Arkadagymyzyň Prezident Emomali Rahmon bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň netijeleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy we däp bolan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

«Nebit-gaz».