Baş baýlygyň Bütindünýä baýramy

8 Aprel 2024
237

Saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, bütin jemgyýet üçin iň naýbaşy gymmatlykdyr. Şoňa görä-de, Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Asylly däbe görä, 7-nji aprelde eziz Watanymyzda uly dabaralara beslenen Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň guralmagy hem bu hakykaty nobatdaky gezek tassyklady.

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

«Watan».