Milli ykdysadyýetimizde durnukly ösüş gazanylýar

8 Aprel 2024
180

6-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi we şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada maglumat berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işler barada hasabat berdiler. Hasabatlary diňläp, döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ösdürmek bilen bagly öňde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi, anyk tabşyryklary berdi.

«Nesil».