Däp bolan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypa

6 Aprel 2024
341

Duşenbe — Aşgabat, 5-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary tamamlandy.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn Duşenbede Gahryman Arkadagymyzyň Prezident Emomali Rahmon bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň netijeleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy we däp bolan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.