Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

5 Aprel 2024
320

Ýurdumyzyň goranyş kuwwatyny berkitmek şu günüň esasy wezipeleriniň biri. Şundan ugur alyp, hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda 3-nji aprelde geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Mejlisiň barşynda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda harby we hukuk goraýjy edaralarda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabatlar diňlenildi. Hasabatlarda ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini kämilleşdirmek babatda görlen anyk çäreler barada aýdyldy. Şeýle hem kazyýet işini talabalaýyk alyp barmak, serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi, olaryň göwnejaý ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen bagly meseleleriň üstünde durlup geçildi.

«Watan».