Ajaýyp sowgat

5 Aprel 2024
473

Türkmen halkynyň şöhratly taryhyna, bagtyýar şu gününe hem-de nurana geljegine buýsanjy egsilmezdir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynda hem Watanymyzyň şöhratly geçmişi baradaky gymmatly maglumatlar beýan edilýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň taryhyny öwrenmek we dünýä ýaýmak babatynda köp tagallalar edýän Milli Liderimiziň taryhy çeşmelerden getiren maglumatlarynyň täze kitabyň döremegine ýakyndan ýardam berendigini belleýär. Bu kitap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halky üçin ajaýyp sowgatdyr. Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Bu kitaby ýazmakdan maksadym, türkmen we daşary ýurtly okyjylarymy ýurdumyzda alnyp barylýan il-halk bähbitli işleriň geriminiň giňligi, tagallalarynyň beýikligi bilen tanyşdyrmakdan, şeýle hem olary beýik döwletimiziň bagtyýar hem-de ajaýyp geljegi üçin belent işlere ruhlandyrmakdan ybaratdyr» diýip nygtaýşy ýaly bu kitap diňe taryhçylar üçin däl-de, Türkmenistan barada ygtybarly maglumatlara baýdygy sebäpli ähli okyjylar üçin gymmatlydyr, göwünleri galkyndyrýan ruhy çeşmedir.

«Saglyk».