Saglyk sahawaty — ynsanperwerligiň belent nusgasy

5 Aprel 2024
505

Şu ýylyň 29-njy martynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler jaýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesi» atly maslahat geçirildi.

Geçen gysga döwrüň içinde haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek bilen baglanyşykly ençeme sahawatly işleriň durmuşa geçirilendigi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda ýurdumyzda dünýä nusgalyk ynsanperwerlik ýörelgeleriniň has-da rowaçlanýandygynyň nyşanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bu barada buýsançly bellenilýär.

«Saglyk».