Ykdysady kuwwatyň dabaralanmasy

4 Aprel 2024
310

Mälim bolşy ýaly, 3-nji aprelde paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisi öz işine başlady. Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň üstünliklerini, kuwwatyny we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geljekki ösüş ugurlaryny aýdyň şöhlelendirýän bu sergä baryp gördi. Bu waka ýurdumyzyň önüm öndürijilerini belent maksatlara ruhlandyrdy.

Telekeçilik, işewürlik, önüm öndürmek, söwda we hyzmatlar — peýda bolan mümkinçilikleri görmek we haýal etmän, şol mümkinçiliklerden peýdalanmak sungaty, ukyby. Biziň şertlerimizde bolsa aýdyň görünýän mümkinçilikleriň uly toplumy ýaýylyp ýatyr. Onsoň şeýle ýagdaýda bu sungatyň ussatlary önümleriň iň ýokary hillisini, hyzmatlaryň iň ýokary derejesini hödürlärler. Munuň şeýledigini gündelik durmuşymyzda, her sekuntda görýäris. Ýaňy-ýaňylaram hökman daşary ýurtdan getirilmelidir öýdülen gündelik sarp edilýän önümlerdir serişdeler indi bizden daşary ýurda gidýär. Ine, bu hakykat iň guwandyryjy hakykatdyr. Ýurdumyzyň söwda nokatlaryna ýa-da şular ýaly sergilere aýlananyňda, bu hakykat döwrümiziň adalaty bolup dabaralanýar. Galyberse-de, döwlet Baştutanymyzyň bu sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmek, esasan-da, halkyň sarp edýän harytlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmak häzirki döwürde söwda toplumynyň öňünde durýan esasy wezipelerdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň bazarlarynda haryt dolanyşygynyň barha artýan möçberi bu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, ilatyň abadançylygynyň, durmuş derejesiniň ýokarlanýandygynyň güwäsidir» diýen sözleri ýokarda aýdylanlaryň tassyklanmasydyr,  bu serginiň hem esasy maksadydyr.

«Adalat».