Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

4 Aprel 2024
257

Taryhy hem medeni ojak

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi türkmen medeniýetini dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýe bolan wakalaryň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen tassyklanan Meýilnama laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 26-njy martynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda bu taryhy waka mynasybetli dabara geçirildi. Göz öňüne tutulan çäreleriň çäklerinde dünýä jahankeşdeleriniň, türki halklarynyň bu milli aýratynlyklarymyz bilen tanyşmagyna hem-de ajaýyp şäheriň taryhy bilen bagly maglumatlary içgin öwrenmegine uly mümkinçilik döredildi.