Türkmen halkynyň Milli Lideri Täjigistana resmi sapar bilen bardy

4 Aprel 2024
163

Şu gün irden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna geldi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär. 

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň sapary mynasybetli Duşenbe şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna dostlukly ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazly çykyşlara giň orun berlip, dabaraly ýagdaý emele geldi.