Ýaş nesil — geljegimiz

2 Aprel 2024
287

Nurana geljegi röwşen umytlar bilen baglanyşdyrýan çagalar baradaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri. Ösüp gelýän ýaş nesilleri hemmetaraplaýyn alada we mähir bilen gurşap almak milletimize mahsus asylly ýörelge bolmak bilen, bu ugurdaky tagallalar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşli ugurlarda dowam etdirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alnyp, tutuş ýurdumyz boýunça häzirki zaman mekdebe çenli çagalar edaralary, orta mekdepler, iň ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen döredijilik merkezleri, bedenterbiýe-sagaldyş we dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlary bina edilýär. Ýurdumyzda körpe türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşy, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Olaryň bilime, saglygyny berkitmäge bolan hukuklary berjaý edilýär, körpeleriň ruhy, aň-paýhas hem-de döredijilik ukyplaryny açmaklary üçin iň zerur şertler üpjün edilýär.

Ogulbibi MESKUTOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.