Ösüşlerden ösüşe barýar gül Diýarymyz Siz bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

2 Aprel 2024
220

27-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde bina edilen täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy we bu ýerde agzaçar sadakasyny berdi. Hajy Arkadagymyzyň teklibi boýunça täze metjit ata-babalarymyza we geçmiş mirasymyza, taryhda öçmejek yz galdyran şahsyýetlerimize hormat-sarpa goýmagyň nyşany hökmünde «Seýit Jemaleddin metjidi» diýlip atlandyryldy. Bu şanly wakanyň mübärek Oraza aýynda geçirilmegi, şeýle hem Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýan medeni-köpçülik çäreleri bilen gabat gelmegi halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden asylly däp-dessurlarynyň dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgeler bilen utgaşýandygynyň aýdyň beýanydyr.

* * *

TDH-nyň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.