Änew — taryhy medeniýetiň ojagy

2 Aprel 2024
535

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe müňýyllyklara utgaşyp gidýän taryhymyzyň naýbaşy gymmatlyklaryny özünde jemleýän taryhy ýadygärliklerimizi düýpli öwrenmek, olary geljekki nesillerimize ýetirmek boýunça döwlet derejesinde uly işler amala aşyrylýar. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde Türki medeniýetiň halkara guramasy TÜRKSOÝ tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bir hatarda «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahatyň geçirilmegi taryhy wakadyr.

Ine, bu günki gün bolsa, biz ýene-de bir taryhy pursada şaýat bolduk. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitaby elimize gelip gowuşdy.

Rejep JOMMYÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň Gadymy we orta asyr taryhy bölüminiň ylmy işgäri.