Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

2 Aprel 2024
319

1-nji aprelde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlap ýazan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Mejlisi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan dabara ýurdumyzyň bilim, ylym ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasy halkymyzyň baý medeni mirasyny, döredijilik däplerini beýan edýän sergi bilen badalga aldy. Bu ýerde amaly-haşam sungatynyň eserleri — taryhymyzyň gadymylygynyň we baý medeni mirasynyň görkezijisi bolan el işleri görkezildi. Döwlet Baştutanymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby serginiň merkezinde orun aldy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly meşhurlyga eýe bolan ylmy kitaplary, milli medeniýetimiz, däp-dessurlarymyz, Watanymyzyň häzirki döwürde ýeten sepgitleri baradaky dürli neşirler hem bar.