Gymmatly eser

2 Aprel 2024
549

Şu gün, 2-nji aprelde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň  «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň baharynda halkymyza serpaý eden «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiziň  halkymyzy ýene bir ajaýyp eseri bilen serpaýlamagy il-ulsumyzyň begenjini, buýsanjyny goşalandyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu kitaby  gadymy Änew şäheriniň  binagärlik medeniýetiniň, çeperçilik däpleriniň,  beýik şahsyýetleriň ýaşan, döreden, guran gadymy Änew topragyndaky edebi, taryhy gymmatlyklarynyň giň beýanynyň jemidir. Kitabyň sahypalary  taryh, durmuş, geçmiş we geljek baradaky suratlar bilen bezelen.

Tanyşdyrylyş dabarasynda edilen çykyşlarda täze kitabyň üç dilde neşir edilmeginiň daşary ýurtly raýatlaryň hem  Änew şäheriniň  taryhy we medeni gymmatlyklary, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründäki ösüşli ýollary bilen tanyşmaklaryna giň mümkinçilik döretjekdigi barada-da aýdyldy. 

«Zenan kalby».