Möwsümleýin işler sazlaşykly guralýar

2 Aprel 2024
221

1-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, welaýatlaryň häkimlerine söz berildi. Häkimler welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilen köpçülikleýin sport we medeni çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp, ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdiler.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.