Durnukly ösüşiň maksady

28 Mart 2024
335

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik ynsanperwerlige ýugrulan taýsyz tagallalary bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilenine üç ýyl dolýar.

Taryh üçin uzak bolmadyk üç ýylyň içinde bu haýyr-sahawat gaznanyň ýurdumyzda we dünýä ýurtlarynda amala aşyran ynsanperwer, sahawatly işleri halkara jemgyýetçiliginde gyzgyn goldawa eýe boldy. Dünýäniň görnükli syýasatçylary, döwlet ýolbaşçylary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer garaýyşlary, sahawatly işleri amala aşyrmagyň, parahatçylygy üpjün etmegiň kämil mekdebidigi hakynda minnetdarlyk we buýsanç bilen nygtaýarlar.

Şöhrat MÜLKIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçysy, maýor.