Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

19 Mart 2024
222

18-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türk işewüri Gahryman Arkadagymyza türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanda ýerine ýetirýän işleriniň barşy barada habar bermek bilen, myhman Gahryman Arkadagymyzy we türkmen halkyny mukaddes Oraza aýy bilen gutlady hem-de bu sahawatly günlerde ähli arzuwlaryň hasyl bolmagyny arzuw etdi.