Dost-doganlygyň dabaralanmasy

18 Mart 2024
349

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasaty parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine berk eýermek esasynda alnyp barlyp, ýurdumyzyň jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde dünýäde tutýan ornuny barha berkidýär. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde paýtagtymyzda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisinde kabul edilen oňyn çözgütlerden, gazanylan özara bahbitli ylalaşyklardan hem anyk göz ýetirýäris. Bu halkara forumda Milli Liderimiziň eden taryhy çykyşy, öňe süren başlangyçlary biziň döwletimiziň ählumumy parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we abadançylygyň hatyrasyna dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy giňden ýaýbaňlandyrmaga, halkara meselelerini çözmäge örän gyzyklanýandygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar. Hut şu mynasybetli biz häzirki günlerde welaýatymyzyň syýasy partiýalarynyň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri tarapyndan guralýan wagyz-nesihat çärelerine işjeň gatnaşmak bilen, edara-kärhanalaryň zähmet toparlarynyň arasynda bolup, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi barada söhbetdeşlikleri guraýarys. Olarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiziň umumadamzat bähbitli öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapyp, güneşli Diýarymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilýändigi uly buýsanç bilen bellenilýär. Şeýle buýsanç, guwanç duýgulary biziň her birimizi täze üstünliklere ruhlandyrýar, güýjümize güýç goşar. Goý, bütin dünýäde parahatçylygyň rowaçlanmagy, ählumumy howpsuzlygyň pugtalanmagy ugrundaky tagallalaryň durmuşa ornaşdyrylmagyna mynasyp goşant goşýan hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ömürleri uzak, janlary sag bolsun, mertebeleri mundan beýläk-de Arşa galsyn!

Maral JUMABAÝEWA,
welaýat raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy bölüminiň baş hünärmeni.