Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşini döretmek hakynda Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
Bu resminama Türkmenistanyň Prezidentiniň il-ýurt bähbitli milli maksatnamalaryny we halkara başlangyçlaryny amala aşyrmak bilen bagly işleri döwrüň talaplaryna laýyk guramak hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri bilen amala aşyrylýan taslamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen kabul edildi.