Dialog — üstünlikli diplomatiýanyň kepili

7 Mart 2024
380

Ýurduň içerki we daşarky syýasatynda durnuklylygyň bolmagy, sebitde, dünýä ýüzünde parahatçylygyň höküm sürmegi ugrunda yzygiderli tagallalaryň durmuşa geçirilmegi — munuň özi Bitarap Diýarymyzyň alyp barýan syýasaty netijesinde emele gelen kanunalaýyklykdyr. Şol syýasat netijesinde bu günki gün Türkmenistan dünýäniň ençeme döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary uly üstünlik bilen alyp barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmagy üstünliklere beslenýän daşary syýasatymyzda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Üçünji Antalýa diplomatiýa forumynyň gün tertibine ählumumy wehimler we çökgünlikler, howanyň üýtgemegi, migrasiýa, dünýä söwdasyndaky dartgynly ýagdaýlar, emeli aň ýaly şu günüň derwaýys meseleleri girizildi. Köptaraplaýyn diplomatiýanyň netijeli meýdançasy hökmünde dünýä meşhurlygyna eýe bolan Antalýa diplomatiýa forumy 2021-nji ýylda «Innowasiýa diplomatiýasy: täze döwür, täze çemeleşmeler», 2022-nji ýylda bolsa «Bilelikde pikirlenmek, bilelikde hereket etmek» mowzuklarynda geçirildi. Şu ýylky forumyň çäklerinde geçirilen 50-den gowrak çekişmede dünýäniň görnükli syýasatçylary häzirki döwrüň wajyp meseleleri babatda pikir alyşdylar.

Ymamkasym MEREDOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.