Türkmen ýaşlarynyň bagtyýarlygy

5 Mart 2024
310

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda ýaşlar barada uly aladalar edilýär, olaryň sagdyn ösüp kemala gelmegi, okamagy, öwrenmegi, päk zähmet çekmegi, döredijilik üstünliklerini gazanmagy üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny ele alyp okanyňda hem türkmen ýaşlary barada edilýän aladalar we türkmen ýaşlarynyň bu aladalara jogap edip gazanýan üstünlikleri barasynda buýsançly hakykata göz ýetirýärsiň.

Hormatly Prezidentimiz: «Ýaşlaryň gazanýan üstünlikleri bizi örän guwandyrýar» diýip belleýär. Bu ajaýyp kitap döwletimizde ýaşlara bildirilýän ynamyň aýdyň beýanydyr. Uly ösüşler bilen öňe barýan bagtyýar halkymyzyň şöhratly geljegini gurjak, Watanymyzyň şanyna şan goşjak ylym-bilimden ýükli, hünär ussady bolan watansöýüji ýaşlarymyzdyr.

Bahar BEKMYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň müdiri.