«7/24. tm» №10 (197), 04.03.2024
Hormatly Prezidentimiz 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde degişli Karara gol çekip, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklady. 22-nji fewralda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi hem, ilkinji nobatda, hut şu maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly gaýragoýulmasyz meselä bagyşlanyp, onuň barşynda bu ugurdaky möhüm wezipeler kesgitlendi.