Halkyň abadançylygy ugrunda

3 Mart 2024
405

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda halk bilen häkimiýetiň jebisligini üpjün etmek, ýurdumyzda hemmetaraplaýyn kämil jemgyýeti kemala getirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda taryhy özgertmeler amala aşyrylyp, uly üstünliklere ýetilýär. Parasatly pederlerimiziň asylly ýörelgelerini baýdak edinip, öz ýoluny adyllyk, aýanlyk bilen alyp barýan türkmen halky bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hözirini görüp ýaşaýar.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler mejlisiň esasy meselesi boldy. Şeýle hem onuň gün tertibinde Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýyl ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meselelere seredildi.

Laçyn SÄHETGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň uly iş ýöredijisi, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Halk Maslahatynyň başlygy.