«7/24. tm» № 10 (197), 04.03.2024
Her bir işde nusgalyk halypamyz bolan Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halk bilen häkimiýetiň jebisligini üpjün etmek, ýurdumyzda hemmetaraplaýyn kämil jemgyýeti kemala getirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda taryhy özgertmeler amala aşyrylyp, uly üstünliklere ýetilýär. Muňa paýtagtymyzda ýerleşýän Maslahatlar merkezinde Milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde ýene bir gezek aýdyň göz ýetirdik. Bu mejlis döwlet durmuşynyň ähli ugurlary boýunça gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alyp maslahatlaşmakda örän uly syýasy-jemgyýetçilik çäresi boldy.