Antalýa duşuşygy: 3 sany resminama

1 Mart 2024
547

3-nji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkiýede iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň dostlukly ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçiren duşuşygynyň ahyrynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Şolaryň hatarynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama; «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar. Bu resminamalar agzalan ugurlarda özara gatnaşyklary has-da ösdürmegiň anyk wezipelerini özünde jemläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi.

«Türkmenistan»