Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň rowaçlygy — ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň esasy wezipesi

1 Mart 2024
447

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ykdysadyýetiň milli nusgasy ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barmaga, dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyna ýardam berýär. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklamagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçýän ýylda ata Watanymyzy mundan beýläk-de belent sepgitlere ýetirmegiň ýolunda möhüm ädim boldy.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ylmy çemeleşmelere, hojalygy netijeli dolandyrmaga, çaklamalara we meýilnamalaşdyrmaga esaslanýan ösüş strategiýasy köpugurly ykdysady, tebigy çig mal kuwwatyny özünde jemlemek bilen, milli hem-de halkara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge, döwrebaplaşdyrmagyň, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň, bazar gatnaşyklarynyň, döwlet kadalaşdyrylyşynyň netijeli utgaşdyrylmagynyň, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna ähli ulgamlarda giň gerimli işleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Bu Maksatnamanyň kabul edilmegi, ilkinji nobatda, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” hem-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmaga gönükdirilendir.

(TDH)