Watan söýgüsi

28 Fewral 2024
510

Ata Watanymyz Türkmenistan Garaşsyzlyga eýe bolanyndan soň, türkmen halkyna erkanalyk, asudalyk ýar boldy. Döwletimiz Garaşsyzlygyň geçen ýyllarynyň dowamynda tanalmaz derejede ösdi, özgerdi. Şeýle hem halkara giňişliginde öz mynasyp ornuny tapyp, dürli meselelerde öz sesini goşmagy başarýar. Şeýle bagty ata-babalarymyz, Magtymguly Pyragy ýaly ägirtlerimiz arzuw edipdirler. Şol bagta türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda hem-de häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly syýasatynda wysal tapdy.

Hawa, Garaşsyz döwletiň raýaty bolmak her bir ynsan üçin uly mertebedir. Şonuň üçin her bir türkmenistanly Döwlet senamyzy eşidende ýa-da al-asmanda pasyrdaýan ýaşyl Tugumyzy görende kalbyny buýsanç duýgusy gaplap alýar. Gözümiziň göreji, başymyzyň täji mähriban Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ykdysady, syýasy, medeni gatnaşyklaryň merkezine öwrüldi.

Agöýli AMANOW,
TKA-nyň Türkmenbaşy şäher birleşmesiniň jogapkär işgäri.