Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde hem-de iki doganlyk halkyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle-de iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim, medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmaly.