Ýurdumyzda zenanlaryň hemmetaraplaýyn goraglylygyna uly ähmiýet berilýär

26 Fewral 2024
450

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi (TZBMG) tarapyndan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýollarynda türkmen zenanlarynyň maksatly işleri rowaçlanýar» atly okuw maslahaty geçirildi. 12 — 16-njy fewral aralygynda bolan okuw maslahaty Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işini kämilleşdirmek, ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak maksady bilen guraldy. TZBMG-niň Guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri Enemjan Orazowanyň ýolbaşçylygynda geçirilen okuw maslahatynda zenanlar birleşiginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalary, nebitgaz, ylym-bilim, saglygy goraýyş, welaýat, şäher, etrap häkimlikleriniň hem-de beýleki ulgamlaryň zenanlar guramalarynyň ýolbaşçylary, işjeň agzalary çykyş etdiler. Olaryň çykyşlarynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýerine ýetirilen işlere, zenanlary milli ruhda terbiýelemek, gazanylýan üstünliklerde zenanlaryň goşandyny ýokarlandyrmak maksady bilen öňde durýan wezipelere giň orun berildi. Şeýle-de hasabatlar diňlenildi.

Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň esasy resminamalarynyň ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerýändigi, zenanlar üçin iň amatly iş-durmuş şertlerini döretmäge jogapkärçilikli çemeleşýändigi, bu gün onuň bütin dünýä aýandygy, döwletimiziň durnukly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýandygy bellenildi.

«Nebit-gaz».