Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde boldy

26 Fewral 2024
253

24-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz saparyň dowamynda bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary, gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk we bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy. Degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz, bu ýerde ilki bilen, görkezilen şekil taslamalary, gurluşygy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we gurluşyk işlerinde ulanylýan dürli bezeg serişdeleriniň, yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri bilen tanyşdy. Bular barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi.

«Watan».