Ynanç haty kabul edildi

23 Fewral 2024
580

19-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hose Luis Martines Ernandesden ynanç hatyny kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda diplomat Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ileri tutýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeler barada ilçä giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle hem diplomata milli parlamentiň düzümi we kanun çykaryjylyk işi düşündirildi.

«Watan».