Türkmen-emirlikler gatnaşyklary pugtalandyrylýar

23 Fewral 2024
272

21-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz BAE-niň wi­se-pre­zi­den­ti, Prem­ýer-mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry, Pre­zi­den­tiň iş do­lan­dy­ryş mi­nist­ri­ni türk­men top­ra­gyn­da mä­hir­li mü­bä­rek­läp, ne­ti­je­li döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň däp bo­lan dost­luk, bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak hä­si­ýe­ti­ne eýe­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. Hyz­mat­daş­lyk iki­ta­rap­la­ýyn, köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň­dyr dü­züm­le­riň çäk­le­rin­de yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär.