Türkmenistanda Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet ýyly geçirilýär

1 Noýabr 2023
531

Aşgabat, 31-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň dabaraly açylyşy boldy. Iki dostlukly ýurduň Baştutanlarynyň başlangyçlary bilen geçirilýän giň gerimli bu döredijilik çäresi türkmenistanlylary hytaý halkynyň köpöwüşginli sungaty, özboluşly däp-dessurlary hem-de medeniýet ulgamynda gazananlary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.

Hytaý Halk Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary berkitmek ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň artýan depgini strategik hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga iki dostlukly ýurduň ymtylmagy bilen şertlendirilendir. Munuň özi şu ýylyň ýanwar we maý aýlarynda Türkmenistanyň Baştutanynyň HHR-e bolan saparlarynyň barşynda nobatdaky gezek tassyklanyldy.

Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.