«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahaty we sergisi geçirildi

29 Oktýabr 2023
525

25 — 27-nji oktýabr aralygynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahaty we sergisi geçirildi. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy. Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen bu ýöriteleşdirilen forum utgaşykly görnüşde geçirilip, oňa sanly ulgam arkaly dünýäniň onlarça döwletinden wekiller gatnaşdylar.

Bu forum ýüzlerçe adamy, şol sanda daşary ýurtlaryň onlarçasyndan gelen wekillerini bir ýere jemledi. Ýygnananlar ýangyç-energetika toplumynda halkara, sebit we milli derejede senagatyň geljekki strategiýasyny kemala getirmäge bagyşlanan dünýäniň nebit bazaryndaky işleriň ýagdaýy, bu ulgamda marketing strategiýalary baradaky seljeriş-syn maglumatlary bilen tanyşdyryldy.

Suratlary düşüren: Ilaman ÇÜRIÝEW, «Türkmenistan» gazetiniň fotohabarçysy.
Sahypany taýýarlan: Sadap MUHAMOWA, «Biznes reklama».