Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa Suw strategiýasyny döwrebaplaşdyrmagy teklip etdi

16 Sentýabr 2023
1505

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde eden çykyşynda Merkezi Aziýa Suw strategiýasyny döwrebaplaşdyrmagy teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň öz çykyşynda nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi bilen bilelikde, sebitde suw diplomatiýasynyň ilerledimegine aýratyn uly üns berýär. Şu maksat bilen biziň ýurdumyz Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň dowamynda Merkezi Aziýa Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürdi.