Hünär bäsleşigi geçirildi

24 Awgust 2023
1501

Şu gün, ýagny 24-nji awgustda paýtagtymyzyň «Altyn ýyldyz» toý mekanynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikde yglan eden «Ussat bagban» atly hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bagbançylyk iş tejribesini ýaýratmak, işbaşarjaň, höwesjeň bagbanlary ýüze çykarmak, dürli miweli, saýaly, pürli baglary ösdürip ýetişdirip, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde ussat bagbanlaryň önümçilik we döredijilik ukyplaryny goldamak maksady bilen geçirilen bu hünär bäsleşigine deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan bagbanlaryň 6-sy gatnaşdy. Olaryň arasynda zenan bagbanlaryň, ýagny Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň «Gülüstan» daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbany Güljan Agamämmedowanyň hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky ylmy-önümçilik synag merkeziniň bagbany Jennet Towyýewanyň bolmagy buýsandyrýar.

«Zenan kalby».