Ýaşyl dünýäm — nurana ertirim

11 Maý 2023
1637

Ynsana dem alyp, iýmitlenip ýaşamak üçin ösümlik dünýäsiniň ornunyň näderejede uludygyny sözde beýan etmek aňsat däl. Ýer şarynyň häzirki we geljekki döwür üçin abadançylygyny üpjün etmek ýaly derwaýys wezipäni durmuşa geçirmekde sagdyn ösümlikleriň ähmiýeti ýokarydyr. Ösümlikleriň adamzada berýän eşretlerini nazara alyp, zyýankeşleriň we ösümlikleriň kesellerini döredijileriň täsiri netijesinde ösümlik önümleriniň ýitgisini azaltmak, şeýle hem geljekki nesiller üçin ählumumy ekologiýa howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, her ýylyň 12-nji maýynda halkara giňişliginde Ösümlikleriň saglygyny goramagyň güni bellenilýär.

Ösümlikler ynsan durmuşynyň aýrylmaz bölegi hökmünde çykyş edýär. Olar adamyň kabul edýän iýmitiniň 80 göterimini düzýär, alýan howasynyň 98 göterimini emele getirýär. Ösümlikler atmosferada kislorody öndürýär, howany arassalaýar. Olaryň saglygy azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň, daşky gurşawy goramagyň we ykdysady ösüşi çaltlandyrmagyň wajyp şertleriniň hatarynda durýar. Sagdyn ösümlik dünýäsi oba hojalygynyň durnukly ösmegine itergi berýär. Şoňa görä-de, olaryň saglygy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin derwaýysdyr.

Gülälek TANGIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.