"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Makalalar

Durmuş öwrümleri (hekaýa)

Durmuş ykballary öz terezisinde saldarlap, sabyr atly ummanyň synagyna goýýar. Ol umman bolsa adamzady apalap, dürli kynçylyklary ýeňip geçmäge ýardam edip, garaňkylykdan ýagtylyga iterýär. Her bir gijäniň ertiri bar. Älemgoşaryň reňkini ýatladýan dünýämiziň gam-gussasam ýetik, şatlygam. Ertir ykbalyň öňünde nähili, neneňsi täzeligiň garaşýandygy belli däl. Adam gözüniň ýetýän ýerine «gözýetim» diýýär. Ondan aňyrda ýoly külterlemese, ykbalynda neneňsi, niçiksi öwrümleriň, ahwallaryň bardygy oňa nämälim. Her näçe maksadyňy, niýetiňi kämil tutsaň-da, durmuş öz akymy bilen akýar «Hasap edeniň bolmaz, nesip edeni bolar» diýýän atalarymyzyň akyl eleginde elenen bu jümlesi ýokarda aýdan pikirlerimiziň aýdyň delili. Käteler durmuşda şeýle ykballara şaýat bolýarsyň. Sona daýzanyň gelni Gülbaharyň hem ykbaly sabyr ummanynyň çuňlugyna labyryny oklan agyr gämä meňzeş. Gelin bolup gelen öýüniň ody bilen girip, küli bilen çykyp ýören Gülbahar maşgala agzalarynyň ählisiniň göwnüni tapjak bolup jan edýärdi. Ýalňyz zürýadynyň söýüp-saýlap törüne geçiren söwer ýaryna, ejesi Sona daýzanyň söýüp-söýgüläp ýörşi, Nepese goşa ganat bitiripdi. Ýöne, iki aýal doganlarynyň welin, gelnine kän bir pisindiniň oturmaýanlygy ýigidi az ünjä goýano

Kaýyllyk (hekaýa)

Altmyşa ser uran-da bolsa, Geldi aga mellegine yhlas siňdirip, ekinlerinden bol hasyl almagy-da başarýar. Bu gün hem welosipedine atlanyp, bazara hyýallananda, çagalaryny alyp, gyzy gezmäge geläýdi. Saglyk-amanlyk soraşdylar, çaý-çörek mürähet etseler-de, giýewi gyssanýandygyny, islese, ýüzugra düşürip geçjegini aýtdy.

Muňa ykbal diýilýär (hekaýa)

Asmanyň aşygy (hekaýa)

Agylyň daşyna birnäçe gezek aýlanyp çykandan soň Hemra biraz ynjaldy. Ol bu gün çopan goşunda ýeke galypdy. Bu jelegaýda otlap gelen mallar bilen olaryň daşyny goraglap ýören Peleňden başga hiç kim ýokdy. Hemra kakasy näsaglap, oba gidenden soň, ymgyr sährada ýeke galyberdi. Çagaka ýedi sany gyz doganlarynyň arasynda aýratyn apalanyp saklanan oglan indi, islese-islemese, erkek adamyň wezipe-borçlaryna boýun bolmalydy. On dört ýaşy dolan gününden bäri, birnäçe ýylyň içidir, kakasy oňa mal-gara esewan etmegiň usullaryny, eklenjiň ýagdaýyny, umuman, hojalygy dolandyrmagyň ähli ugurlaryny öwredip gelýärdi. Tomusky dynç alşyň üç aýyny hem çopan goşunda geçiren Hemra tiz wagtdan oba dolanyp barjagyna, täze okuw ýylyna taýýarlyk görjegine begenip ýören wagty kakasynyň näsaglamagy ýigidiň bar etsem-pessemlerini gaýra goýdurdy. Ol ähli işleri bolmalysy ýaly etdi-de, ýatmak bilen boldy. Gije diýseň asudady. Peleňiň käýarym bir uzaklara seredip parahat üýrmesi diýäýmeseň, mallary ýa Hemrany biynjalyk edýän zat ýokdy. Her biri patrak ýaly ýyldyzlar, olaryň arasynda owadan gyzyň gaşyny ýatladyp duran Aý, seleň howa Hemranyň duýgusyny heýjana saldy. Ol: Aýly asmanyň görki bendi edýär erkimi,Nämä deňäp bolarka onuň taýsyz görküni?!—

Döredijilik dünýäsiniň bosagasynda

Duýga eýlenen hekaýalar Ýadyma düşýär, Jemal Çaryýewanyň ilkinji hekaýalaryny «Garagum» žurnalynda okapdym. Şol wagtky bu neşiriň baş redaktory, belli ýazyjymyz, Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» Osman Ödäýew: «Gör-ä, öz-ä heniz talyp. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň türkmen dili we edebiýaty fakultetinde okaýar. Galamyndan çykýan setirlerden welin, eýýäm kämilligiň ysy gelip dur. Şeýle zehinler ýetişse, milli edebiýatymyzyň ümzügi öňe bolar» diýip begenip, gürrüň edipdi. Hatda ýaşlaryň döredijiliginiň şeýle janköýeri bolansoň, Osman halypa bu institutyň kafedra müdiri, filologiýa ylymlarynyň doktory, belli edebiýatçy Muhammetguly Amansähedowa jaň edip, Jemalyň döredijiligine tekge bermegini, gerekli maslahatlaryny gaýgyrmazlygyny hem towakga edipdi.

Zehini daş ýaran

Annaberdi Agabaýewi ýatlap Şahyr, dramaturg, publisist, terjimeçi. Onda-da edebiýat jemgyýetçiligi, okyjylar, garaz, hemmeler tarapyndan ykrar edilen, bitiren işlerine aýny wagtynda, ýokary derejelerde baha berlen, uly baýraklara, hormatly atlara mynasyp bolan Annaberdi Agabaýew tüýs «zehini daş ýarýar» diýilýänlerdendi. Biz bu ýerde aňrybaş zehinli, düýpli taýýarlykly, özünden juda talapkär ýazyjynyň gürrüňini edýäris. Elbetde, her ýana özüni urup, hiç bir žanry «rahat goýmaýanlar» bolýar. Edebiýata dahylly däldiklerine görä, olar başga gürrüň...

Ýüreklerde ýaşaýan şahyr

Mylaýymdan gelen mahmal ýaly goşgulary bilen türkmen edebiýatynyň ösmegine saldamly goşant goşan Juma Ilmyradow 1918-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Saýat etrabynyň Esgi obasynda eneden bolýar. Başlangyç bilimi oba mekdebinde alýar we soňra Özbegistanyň Daşkent şäherindäki şol wagtky mugallymçylyk tehnikumynda, soňra bolsa Aşgabatdaky mugallymçylyk institutynda okaýar. Soňra mekdep mugallymy, mekdep müdiri, Saýadyň şol wagtky etrap gazetiniň redaktory, Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň edebi maslahatçysy, şol wagtky Lebap welaýat telestudiýasynyň uly redaktory, welaýat gazetiniň bölüm müdiri ýaly wezipelerde işleýär. Ýokary okuw mekdebini tamamlap, «Lenin ýoly» (häzirki «Türkmen gündogary») gazetine işe ugradylypdym. Işe ugradyş haty, beýleki resminamalar bilen baş redaktoryň ýanyna girmek üçin kabulhanada garaşyp otyrdym. Baş redaktoryň ýanyna gazetiň işgärleriniň biri girse biri çykyp, aýagy bişen dek zowzanaklap ýörüşlerine haýran galyp syn edýärdim. Soň görüp otursam-a bu ýerde haýran galar ýaly zat ýok eken. Gazet çapa taýýarlanýan günleri alada ýeterlik ekeni. Men ol zatlara gazetde işläp başlanymdan soň gowy göz ýetirdim. Kätip zenan yşarat bilen meniň baş redaktoryň iş otagyna giribermelidigimi duýdurdy. Salam berip içeri girdim. Iş otagynyň törü

Tereň derýalar ýuwaş akýarlar

Durmuşda her bir zada üns, nazar salmak ol hakda düşünje almaga ýardam edýär. Siz durmuş ýollarynda ençe sapar tereň, giň derýalaryň akyşyna nazar salansyňyz. Şonda derýalaryň baran ýerini gülzarlyga öwürmegine ýuwaşdan siňňitli akyşy ýardam edýän bolmaly diýen pikir seriňize gelendir. Ömrüni döredijilige bagyş eden ynsanyň durmuşy hem edil şol kysmy. Ol tereň derýalar mysaly öz yhlasyny gönükdiren ugrunyň özgermegine bagyş edýär. Biziň söhbedimiz şeýle adamlaryň biri, ykbalyny döredijilige bagyşlan, saldamly eserleri döreden tanymal žurnalist, ýazyjy Ýazmyrat Belliýewiň döredijilik ýoly hakynda. Çünki bagtyýarlyga beslenýän häzirki döwrümiz hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde halkymyzyň durmuşy üçin uly işleri bitiren şeýle adamlar hakynda söhbet açmaga giň mümkinçilik berýär. Ilki bilen gysgaça ýazyjynyň terjimehalyna nazar salalyň! Ýazmyrat Belliýew 1936-njy ýylda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Gyzylgum obasynda dünýä inýär. Obalaryndaky 12-nji orta mekdepde okaýar. Mekdebi tamamlap, 1952-nji ýylda häzirki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okap, ýokary bilim alýar. 1956-njy ýylda instituty tamamlap, şol wagtky Çärjew etrabyň «Hakykat» gazetiniň redaksiýasynda işe başlaýar. Birnäçe ýyldan soň

«Alymlar ýanynda söhbet ýagşydyr»

Garaşsyzlyk ýyllary içinde bilimde we ylymda edilen işleri göz öňüňe getirip, halypalaryň ençemesini ýatlaýarsyň. Çünki Garaşsyzlygyň gazanylmagy, özbaşdaklyga ýetilmegi halkymyz üçin buýsançly wakalardyr. Taryha altyn harplar bilen ýazylan Garaşsyzlygyň düýp manysyny düşündirmekde halypalaryň hyzmatlary uludyr. Belli şahsyýetleriň ömri we döredijiligini öwrenip, makala ýazanyňda bar bolan maglumatlaryň birini-ikisini esasy tutarygyň edinýärsiň. Bu gezegem şeýle boldy: Garaşsyzlyk ýaly beýik bagty ene dilimiziň üsti bilen wagyz eden, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent, Türkmenistanyň ussat mugallymy, ýaşan ömründe ençeme dilçi, edebiýatçy şägirtleri ýetişdiren Haýdar Muhyýew barada makala ýazmak üçin toplan maglumatlarymyň içinden bir wideoýazgyny esas edindim. Ol wideoýazgy söhbetdeşlik bolup, 2005-nji ýylyň 11-nji noýabrynda ýazga geçirilipdir. Ýurdumyzyň Merkezi arhiwi üçin ýazgy edilen şol söhbetdeşligi žurnalist Hojamyrat Goçmyradow alyp barypdyr. Şol söhbetdeşlikde Haýdar mugallym öz ömri we döredijiligi bilen birlikde, dil ylmy hem mugallymçylyk babatda gymmatly pikirlerini-de aýdyp, tanymal şahsyýetler bilen bagly durmuş pursatlaryny ýatlapdyr. Häzirki wagtda bir nusgasy dilçi alymyň maşgala arhiwinde saklanylýan şol ýazgyda dilimiziň taryhyny öwr

At gaýratly şahyr, iner ýükli ýazyjy

Biziň çeper döredijilige başlan okuwçy döwrümiz geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynyň ikinji ýarymy, segseninji ýyllarynyň başy çagalar edebiýatyna, onda-da şygryýetine täzelik getirenler hökmünde Kaýum Taňrygulyýewiň, Gurban Çöliýewiň, Azat Rahmanowyň, Agageldi Allanazarowyň, Hemra Şirowyň, Kasym Nurbadowyň atlary häli-şindi tutulýardy. Goşgularyny gazet-žurnallardan höwes bilen okaýardyk. Höwrümiz çeper eserlerdi, gözlegimiz täze çykýan kitaplardy. Şeýle günleriň birinde Agageldi Allanazarowyň «At gaýraty» atly kitaby mekdebimiziň kitaphanasyna geldi. Okap bolanymyzdan soň, onuň gürrüňi diňe bir dilden-dile geçmek bilen-de durmady, kitap elden-ele geçdi. Okaldy.

Köpgyraňly zehin

Şahyr, ýazyjy, žurnalist, mirasgär. Bu sözleriň ählisini manyly, maňyzly eserleri bilen sözüň doly manysynda okyjylaryň söýgüsini gazanmagy başaran Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Şöhrat Abdyýewe degişli etmek mümkin. Şu ýerde ýene bir zady bellemeli. Dörediji ýaşlaryň köpüsi, şol sanda şu setirleriň awtory hem ony özleriniň halypasy hasaplaýar. Onda-da nähili halypa! Ol kimdir birinde zehin uçgunjygyny gördügi derrew ony yzarlap tapýar. Haçan görseň, dörediji ýaşlaryň näme döredýändigi bilen gyzyklanyp ýörendir. Ýaltanmazdan näme ýazyp ýörenini, haýsy neşire ugradanyny sorar. Näme ýazmalydygyny, nusga almak üçin haýsy eserleri okamalydygyny salgy berer.Ýazan zadyňy hem çintgäp-çintgäp okamaga ýaltanmaz. Ýogsamam onuň şägirtleri diňe bir ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler däl, eýsem, balçylaryň, bagbanlaryň hem köpüsi oňa: «Halypa» diýip ýüzlenýär. Bu ýöne ýere däl. Ol döredijilikden boş wagtynyň köpüsini melleginde balary gutularynyň arasynda, miweli bagynda geçirýär. Balarylaryny idetmek, miweli baglaryň nahallaryny ösdürip ýetişdirmek, sapmak, çakyşdyrmak arkaly miweli agaçlaryň täze görnüşlerini döretmek onuň söýgüli pişesi.

Ezber terjimeçi

Ykbal maňa ençeme döredijilik işgärleri bilen tanşyp, gatnaşykda bolmagy miýesser etdi. Annaberdi Goçamanow hem şolaryň biri. Ol birnäçe ýyllap Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň düzüminde dürli wezipelerde gulluk etdi. Şol ýyllarda men onuň bilen tanşyp, gatnaşyk saklap başladym. Ol hormatly dynç alyşa çykanyndan soňam ýakyn gatnaşyk saklaýarys. Annaberdi Goçamanow Aşgabat şäherindäki 15-nji orta mekdepde okap ýören ýyllaryndan başlap, türkmen edebiýaty bilen birlikde daşary ýurt edebiýatlary bilen içgin gyzyklanyp başlaýar. Dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň eserlerini ürç edip okaýar. Orta mekdebi üstünlikli tamamlandan soňra Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girýär. Bu ýokary okuw mekdebinde okan ýyllarynda tejribeli mugallymlardan bilim, terbiýe alýar. Şol ýyllarda hem uniwersitetde geçirilýän dürli çärelere işjeň gatnaşýar. Ol bu ýokary okuw mekdebini tamamlap, orta mekdepde rus dili we edebiýaty mugallymy bolup başlap, soňra bolsa ýörite ýollama bilen ýaşlar, partiýa guramalarynda, Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň hatarynda halal işläp, köpe görelde bolup, uly at-abraýa eýe bolýar.Ýöne ol haýsy kärde işlese-de, döredijilik bilen yzygiderli meşgullanýar.

Seljuk soltanlary

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Serdar Berdimuhamedow:— Meniň baş maksadym garaşsyzlygymyzyň we bitaraplygymyzyň esaslaryny has-da berkidip, ýurdumyzy beýik geljegimize tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. (Dowamy. Başlangyjy žurnalymyzyň geçen sanlarynda).Ömür beýanyII jilt4.

Magtymguly Pyragy we Aly şahyr

Aralarynda birnäçe asyr wagt bar bolsa-da, bu iki ussady söz sungaty baglanyşdyrýar. Has dogrusy, Gündogarda uly meşhurlyga eýe bolan «Ýusup-Züleýha» kyssasy. Edebiýatymyzyň taryhynda «Kyssaýy Ýusup» poemasy bilen tanalýan, ömrüne degişli juda az maglumatlar saklanyp galan şahyrlaryň biri-de Alydyr. Ol XIII asyrda, takmynan, 1195 — 1260-njy ýyllarda Köneürgençde ýaşapdyr we goşgy görnüşinde ilkinji türki dilli «Ýusup-Züleýhany» poema görnüşinde ýazypdyr. Bu poemanyň her setiri on iki bogunly bolup, 4280 töweregi setiri özünde jemleýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem Ýusubyň keşbi gözelligiň nyşany hökmünde orta çykýar. Milli şahyrymyz bu kyssa aýratyn söýgi bildirýär we ençeme şygyrlarynda ýüzlenýär. Diňe bir mysal ýa salgylanma hökmünde garaman, oňa bagyşlap aýratyn şygyrlary-da ýazýar. Şahyryň «Arap tilli söwdügim», «Ýaranlar», «Ýusup diýe-diýe» ýaly şygyrlary gönüden-göni Ýusup kyssasynyň täsiri esasynda ýazylan eserlerdir.

«Ýolbarslyda» düşürilen surat

Käte-käte öz şahsy arhiwime göz aýlamak edähedim bar. Golaýda hem bir zady gözläp, şol arhiwimi gözden geçirip otyrkam kakam Türkmenistanyň halk bagşysy Ödenýaz Nobatow bilen Murgap etrabyndan mugallym Halykberdi Gurbanseýidowyň bile düşen suraty öňümden çykdy. Ýadymda, ol surat 1993-nji ýylda düşürilipdi. Şol gün Mary şäherindäki belli «Ýolbarsly» çaýhanasy düýpli abadanlaşdyrylandan soňra onuň açylyş dabarasy geçirilipdi. Ol çaýhana diňe bir nahar iýilýän ýer bolman, eýsem, köpçüligiň üýşüp pikir alşylýan, bagşy-sazandalaryň aýdym aýdyp, saz çalyp, märekäniň göwünlerini awlaýan ýeri hökmünde belli bolupdyr. Mydama mähellesi ýetik bolan bu çaýhanada geçen asyrda atam Nobat bagşy-da, soňra kakam Ödenýaz Nobatow hem aýdym-sazyň muşdaklarynyň göwünlerini göterýan aýdymlary aýdyp beripdiler. Ine, şol çaýhana düýpli abadanlaşdyrylypdy. 1993-nji ýylyň oktýabrynda hem dabaraly ýagdaýda açylypdy. Onuň tutumy uludan tutulypdy, alysdan-golaýdan myhmanlar gelipdi. Şol gün irden kakamyň ýol şaýyny tutup, bu dabara gideni häzirem göz öňümde dur. Şol ýerde hem surata düşürilipdir.

Şygryýetiň we dramaturgiýanyň sazlaşygy

Edebiýaty öwreniş ylmy çeper eserleri epiki, liriki, drama, liro-epiki diýen dört žanra bölüp öwrenýär. Bularyň özboluşlylygy dogrusynda köp işler amal edilenem bolsa, olaryň golaýlygy, biri-biri bilen gatnaşygy babatda welin, edilen işler heniz ýeterlik däl. Bu ýetmezçiligi diňe dramaturgiýa bilen lirikanyň arasyndaky gatnaşygyň öwrenilişi bilenem delillendirip bolar. Şu pikirden ugur alyp, belli şahyr Halyl Kulyýewiň goşgularynyň žanr gatnaşyklary meselesindäki ukybyny barlap, pikirlerimizi paýlaşmak isleýäris. Dogry, žanrlaryň biri-birini ösdürip, biri-biriniň süňňüne täzeçillik çaýyp bilýändigi dogrusynda edebiýatçy alymlar köp gezekler tekrarladylar. Alymlarymyz dramaturgiýanyň içinde kyssa, poeziýa žanrlarynyň elementleriniň, ýagny düzüm bölekleriniň ýa-da kyssada dramaturgiýanyň düzüm bölekleriniň ýaşaýandygyny delillendirip, birnäçe ylmy işler ýazdylar.

Halypanyň ynamy şägirtde

Hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň rejelenen görnüşine gol çekdi. Şol Kanunyň 6-njy maddasynyň 24-nji böleginde ýaşlara bilim bermekde, hünär öwretmekde, olary terbiýelemekde halypa-şägirtlik mekdebiniň ýörelgelerinden giňden peýdalanmalydygy hakynda beýan edilmegi hemmelerde kanagatlanma duýgusyny döredendir diýip pikir edýärin. Çünki ata-baba gelýän bu ýörelgäni türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz häzirki döwre laýyk ösdürip, ýaşlary ählitaraplaýyn kämil ynsanlar edip ýetişdirmekde halypa-şägirtlik milli mekdebimiziň ähmiýetiniň diýseň ýokarydygyny bütin dünýä äşgär etdi. Şeýle hem bu Kanun Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýiti akyl-paýhasly, jöwher zehinli, watanperwer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam edip, halypa-şägirtlik ýörelgesine uly ähmiýet berýändiginiň güwäsine öwrüldi. Ençe ýüzýyllyklaryň synagyndan geçen halypa-şägirtlik mekdebiniň ähmiýeti hakynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň çuň mazmunly kitaplarynda ýüregiňe jüňk bolýan söhbetler edilýär. «Özüňde b

Wagty abraý gazanmak üçin ulanmaly

Wagt we abraý bir-biri bilen berk baglanyşykly düşünjeler. Abraýly ömür sürmek üçin wagty tygşytly ulanmak gerek. Wagty bisarpa tutup abraý gazanyp ýa-da ony isledigiňçe toplap bilmersiň. Durmuşda wagt baýlygyny her hili harçlaýan adamlar duşýar. Aň ýetirene wagt şol bir wagtda ynsana dost hem duşman. Munuň özi wagtyň rejeli ulanylyşyna bagly. «Adam ömri gysga» diýilýär. Hakykatyn-da, ol biziň çak edişimizden hem has çäkli. Aýdalyň, adam altmyş ýaşapdyr. Şonuň azyndan üçden bir bölegi uka gidýär. Ynsan ömrüniň başky on ýylyny çagalyk, soňky onlugyny garrylyk tutýar diýsek, ynsanyň şahsy durmuşyna (özüne serenjam bermek, dynç almak we ş. m.) gidýän wagty hasaba alynmanda, haýyrly işlere, ýagny abraý gazanmaga ynsana kän bir wagtam galanok... Wagt ömür ýolunyň tebigy kadalary

Ýandepderçedäki ýazgylar

Durmuşda söýgüden uly näme bolup biler? Hiç zat bolup bilmez! Söýginiň döreden gudratlary ýaly gudratlary näme döredip biler? Hiç zat döredip bilmez!

Heýkeller hoşniýetli hyzmatdaşlyklaryň hakykatydyr

Rabindranat Tagoryň heýkeli türkmen we hindi halklarynyň hoşniýetli hyzmatdaşlygyny has-da rowaçlandyrýar. Rabindranat Tagor dünýä ýüzünde meşhur hindi ýazyjysy, şahyry, suratkeşi we jemgyýetçilik işgäri hökmünde giňden tanalýar. Sekiz ýaşynda şygyr ýazyp başlan Tagor eýýäm on alty ýaşyna ýetende ilkinji nowellalaryny, dramalaryny döredipdir. Ol şygryýetdäki ilkinji synanyşyklaryny «Bhanu simha» («Gün ýolbarsy») atly lakamy bilen çap etdiripdir.