Wagty abraý gazanmak üçin ulanmaly

8 Oktýabr 2024
387

Wagt we abraý bir-biri bilen berk baglanyşykly düşünjeler. Abraýly ömür sürmek üçin wagty tygşytly ulanmak gerek. Wagty bisarpa tutup abraý gazanyp ýa-da ony isledigiňçe toplap bilmersiň. Durmuşda wagt baýlygyny her hili harçlaýan adamlar duşýar. Aň ýetirene wagt şol bir wagtda ynsana dost hem duşman. Munuň özi wagtyň rejeli ulanylyşyna bagly. «Adam ömri gysga» diýilýär. Hakykatyn-da, ol biziň çak edişimizden hem has çäkli. Aýdalyň, adam altmyş ýaşapdyr. Şonuň azyndan üçden bir bölegi uka gidýär. Ynsan ömrüniň başky on ýylyny çagalyk, soňky onlugyny garrylyk tutýar diýsek, ynsanyň şahsy durmuşyna (özüne serenjam bermek, dynç almak we ş. m.) gidýän wagty hasaba alynmanda, haýyrly işlere, ýagny abraý gazanmaga ynsana kän bir wagtam galanok...

Wagt ömür ýolunyň tebigy kadalary

Taganmyrat GOÇYÝEW,
hukuk ylymlarynyň kandidaty, dosent.