Türkmen topragynda üç asyr mundan ozal merdana halkymyzy, türkmen jemgyýetini bagtyýar durmuşa, berkarar döwletlilige, agzybirlige ruhlandyrjak öçmejek şamçyrag — synmaz ruhy sütün Magtymguly Pyragy dünýä inipdi. Bu beýik ynsanyň, kämil taryhy şahsyýetiň ynsanperwer garaýyşlary, dürdäne durmuş sargytlary, belent ynsanperwerlik häsiýetleri dogrusyndaky ündewleri ilden-ile, dilden-dile, nesilden-nesle geçip, asyrlar aşyp, türkmen jemgyýetini kämilleşdirýän, halklary ýakynlaşdyrýan umumy ruhy bitewülige öwrüldi.
Akyldar şahyryň şygyrlary öz döwründe erkinlige, döwletlilige teşne kalplary gandyryp, şahyryň ýiti pähim-paýhasy tolkun ýaly bolup daşdy, mähek daşy ýaly hiç haçan gymmatyny gaçyrmajak ynsanperwer garaýyşlary bilen şaglap inen siller ýaly türkmen jemgyýetini ýaramaz we bigäne närselerden tämizledi, adamlara ynam, gujur-gaýrat paýlady, durmuş hakykatyny aýdyňlygy bilen açyp görkezdi. Şahyryň täze, adalatly we ynsanperwer jemgyýeti döretmek, göwünlerde ýagşy umytlary we ajaýyp arzuwlary oýarmak ýaly edebi-poetik tilsimi beýik akyldaryň şygryýet äleminiň umumy mazmunyny emele getirýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndaky şol umumylyk we bitewülik ynsanlaryň ýüreklerine öçmejek uçgun bolup ornaýar. Bu bolsa wagt we çäk tapawutlylygyna garamazdan, haýsy döwürde, haýsy ýurtda ýaşasalar-da, şahyr bilen okyjylaryň arasynda janly ruhy baglanyşyga öwrülýär.