Durmuş öwrümleri (hekaýa)

9 Oktýabr 2024
404

Durmuş ykballary öz terezisinde saldarlap, sabyr atly ummanyň synagyna goýýar. Ol umman bolsa adamzady apalap, dürli kynçylyklary ýeňip geçmäge ýardam edip, garaňkylykdan ýagtylyga iterýär. Her bir gijäniň ertiri bar. Älemgoşaryň reňkini ýatladýan dünýämiziň gam-gussasam ýetik, şatlygam. Ertir ykbalyň öňünde nähili, neneňsi täzeligiň garaşýandygy belli däl. Adam gözüniň ýetýän ýerine «gözýetim» diýýär. Ondan aňyrda ýoly külterlemese, ykbalynda neneňsi, niçiksi öwrümleriň, ahwallaryň bardygy oňa nämälim. Her näçe maksadyňy, niýetiňi kämil tutsaň-da, durmuş öz akymy bilen akýar «Hasap edeniň bolmaz, nesip edeni bolar» diýýän atalarymyzyň akyl eleginde elenen bu jümlesi ýokarda aýdan pikirlerimiziň aýdyň delili.

Käteler durmuşda şeýle ykballara şaýat bolýarsyň. Sona daýzanyň gelni Gülbaharyň hem ykbaly sabyr ummanynyň çuňlugyna labyryny oklan agyr gämä meňzeş. Gelin bolup gelen öýüniň ody bilen girip, küli bilen çykyp ýören Gülbahar maşgala agzalarynyň ählisiniň göwnüni tapjak bolup jan edýärdi. Ýalňyz zürýadynyň söýüp-saýlap törüne geçiren söwer ýaryna, ejesi Sona daýzanyň söýüp-söýgüläp ýörşi, Nepese goşa ganat bitiripdi. Ýöne, iki aýal doganlarynyň welin, gelnine kän bir pisindiniň oturmaýanlygy ýigidi az ünjä goýanokdy. Durmuşa çykan gaýynekejileri Maral bilen Bossan atasy öýüne gelseler, Gülbaharyň başyna muşakgat bary inýärdi.

Akkeýik ALLAGULYÝEWA