At gaýratly şahyr, iner ýükli ýazyjy

9 Oktýabr 2024
369

Biziň çeper döredijilige başlan okuwçy döwrümiz geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynyň ikinji ýarymy, segseninji ýyllarynyň başy çagalar edebiýatyna, onda-da şygryýetine täzelik getirenler hökmünde Kaýum Taňrygulyýewiň, Gurban Çöliýewiň, Azat Rahmanowyň, Agageldi Allanazarowyň, Hemra Şirowyň, Kasym Nurbadowyň atlary häli-şindi tutulýardy. Goşgularyny gazet-žurnallardan höwes bilen okaýardyk. Höwrümiz çeper eserlerdi, gözlegimiz täze çykýan kitaplardy.

Şeýle günleriň birinde Agageldi Allanazarowyň «At gaýraty» atly kitaby mekdebimiziň kitaphanasyna geldi. Okap bolanymyzdan soň, onuň gürrüňi diňe bir dilden-dile geçmek bilen-de durmady, kitap elden-ele geçdi. Okaldy.

Se­ýit­mäm­met HY­DY­ROW,
Esen­gu­ly et­ra­byn­da­ky 10-njy or­ta mek­de­biň türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty mu­gal­ly­my.