Asmanyň aşygy (hekaýa)

9 Oktýabr 2024
393

Agylyň daşyna birnäçe gezek aýlanyp çykandan soň Hemra biraz ynjaldy. Ol bu gün çopan goşunda ýeke galypdy. Bu jelegaýda otlap gelen mallar bilen olaryň daşyny goraglap ýören Peleňden başga hiç kim ýokdy. Hemra kakasy näsaglap, oba gidenden soň, ymgyr sährada ýeke galyberdi. Çagaka ýedi sany gyz doganlarynyň arasynda aýratyn apalanyp saklanan oglan indi, islese-islemese, erkek adamyň wezipe-borçlaryna boýun bolmalydy. On dört ýaşy dolan gününden bäri, birnäçe ýylyň içidir, kakasy oňa mal-gara esewan etmegiň usullaryny, eklenjiň ýagdaýyny, umuman, hojalygy dolandyrmagyň ähli ugurlaryny öwredip gelýärdi. Tomusky dynç alşyň üç aýyny hem çopan goşunda geçiren Hemra tiz wagtdan oba dolanyp barjagyna, täze okuw ýylyna taýýarlyk görjegine begenip ýören wagty kakasynyň näsaglamagy ýigidiň bar etsem-pessemlerini gaýra goýdurdy. Ol ähli işleri bolmalysy ýaly etdi-de, ýatmak bilen boldy. Gije diýseň asudady. Peleňiň käýarym bir uzaklara seredip parahat üýrmesi diýäýmeseň, mallary ýa Hemrany biynjalyk edýän zat ýokdy. Her biri patrak ýaly ýyldyzlar, olaryň arasynda owadan gyzyň gaşyny ýatladyp duran Aý, seleň howa Hemranyň duýgusyny heýjana saldy. Ol:

Aýly asmanyň görki bendi edýär erkimi,
Nämä deňäp bolarka onuň taýsyz görküni?!—

Yhtyýar ULUKOW