Hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň rejelenen görnüşine gol çekdi. Şol Kanunyň 6-njy maddasynyň 24-nji böleginde ýaşlara bilim bermekde, hünär öwretmekde, olary terbiýelemekde halypa-şägirtlik mekdebiniň ýörelgelerinden giňden peýdalanmalydygy hakynda beýan edilmegi hemmelerde kanagatlanma duýgusyny döredendir diýip pikir edýärin. Çünki ata-baba gelýän bu ýörelgäni türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz häzirki döwre laýyk ösdürip, ýaşlary ählitaraplaýyn kämil ynsanlar edip ýetişdirmekde halypa-şägirtlik milli mekdebimiziň ähmiýetiniň diýseň ýokarydygyny bütin dünýä äşgär etdi. Şeýle hem bu Kanun Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýiti akyl-paýhasly, jöwher zehinli, watanperwer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam edip, halypa-şägirtlik ýörelgesine uly ähmiýet berýändiginiň güwäsine öwrüldi.
Ençe ýüzýyllyklaryň synagyndan geçen halypa-şägirtlik mekdebiniň ähmiýeti hakynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň çuň mazmunly kitaplarynda ýüregiňe jüňk bolýan söhbetler edilýär. «Özüňde baryny geljege geçirmek, dowamata galdyrmak her bir ussadyň öňündäki iňňän uly jogapkärçilikdir» diýip, hünärine kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmekde halypalaryň gerdenine uly jogapkärçiligiň düşýändigini aýdýan Gahryman Arkadagymyz eger hünär halypadan şägirde geçirilmese, ol hünäriň kütelmek bilen bolýandygyny hem nygtaýar. «Şonuň üçinem atalarymyz «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter» diýipdirler. Bu halypanyň başardygyça öz kärini ýaýmalydygy, onuň dowamly bolmagyny gazanmalydygy baradaky zerurlyga jandan syzdyrylyp üns berlenligini aňladýar» diýýär. Ýürek töründen dömüp çykan bu jümleler halypalyk basgançagyna çykan her bir adamy oýlandyrsa gerek.