Duýga eýlenen hekaýalar
Ýadyma düşýär, Jemal Çaryýewanyň ilkinji hekaýalaryny «Garagum» žurnalynda okapdym. Şol wagtky bu neşiriň baş redaktory, belli ýazyjymyz, Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» Osman Ödäýew: «Gör-ä, öz-ä heniz talyp. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň türkmen dili we edebiýaty fakultetinde okaýar. Galamyndan çykýan setirlerden welin, eýýäm kämilligiň ysy gelip dur. Şeýle zehinler ýetişse, milli edebiýatymyzyň ümzügi öňe bolar» diýip begenip, gürrüň edipdi. Hatda ýaşlaryň döredijiliginiň şeýle janköýeri bolansoň, Osman halypa bu institutyň kafedra müdiri, filologiýa ylymlarynyň doktory, belli edebiýatçy Muhammetguly Amansähedowa jaň edip, Jemalyň döredijiligine tekge bermegini, gerekli maslahatlaryny gaýgyrmazlygyny hem towakga edipdi.