Heýkeller hoşniýetli hyzmatdaşlyklaryň hakykatydyr

8 Oktýabr 2024
390

Rabindranat Tagoryň heýkeli türkmen we hindi halklarynyň hoşniýetli hyzmatdaşlygyny has-da rowaçlandyrýar.

Rabindranat Tagor dünýä ýüzünde meşhur hindi ýazyjysy, şahyry, suratkeşi we jemgyýetçilik işgäri hökmünde giňden tanalýar. Sekiz ýaşynda şygyr ýazyp başlan Tagor eýýäm on alty ýaşyna ýetende ilkinji nowellalaryny, dramalaryny döredipdir. Ol şygryýetdäki ilkinji synanyşyklaryny «Bhanu simha» («Gün ýolbarsy») atly lakamy bilen çap etdiripdir.

Akmyrat REJEBOW,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.