Mylaýymdan gelen mahmal ýaly goşgulary bilen türkmen edebiýatynyň ösmegine saldamly goşant goşan Juma Ilmyradow 1918-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Saýat etrabynyň Esgi obasynda eneden bolýar. Başlangyç bilimi oba mekdebinde alýar we soňra Özbegistanyň Daşkent şäherindäki şol wagtky mugallymçylyk tehnikumynda, soňra bolsa Aşgabatdaky mugallymçylyk institutynda okaýar. Soňra mekdep mugallymy, mekdep müdiri, Saýadyň şol wagtky etrap gazetiniň redaktory, Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň edebi maslahatçysy, şol wagtky Lebap welaýat telestudiýasynyň uly redaktory, welaýat gazetiniň bölüm müdiri ýaly wezipelerde işleýär.
Ýokary okuw mekdebini tamamlap, «Lenin ýoly» (häzirki «Türkmen gündogary») gazetine işe ugradylypdym. Işe ugradyş haty, beýleki resminamalar bilen baş redaktoryň ýanyna girmek üçin kabulhanada garaşyp otyrdym. Baş redaktoryň ýanyna gazetiň işgärleriniň biri girse biri çykyp, aýagy bişen dek zowzanaklap ýörüşlerine haýran galyp syn edýärdim. Soň görüp otursam-a bu ýerde haýran galar ýaly zat ýok eken. Gazet çapa taýýarlanýan günleri alada ýeterlik ekeni. Men ol zatlara gazetde işläp başlanymdan soň gowy göz ýetirdim. Kätip zenan yşarat bilen meniň baş redaktoryň iş otagyna giribermelidigimi duýdurdy. Salam berip içeri girdim. Iş otagynyň töründe saçy arkan serpilen, ýüz-gözleri haýbatlydan nurana, dolmuşdan daýanykly baş redaktor otyrdy. Ol Möwlam Nobatow diýilýän adamdy. Ol meniň habarymy alandan soňra ýerinden turup: