Şygryýet bossany
Güýz oýlanmalary Gün gysgalyp, uzasa-da gijeler,Güýzde durmuş öňküdenem süýjeler.* * *Ýazda ekip, tomus harman sowurdym,Ajap pikirlermi güýzde dogurdym.* * *Güýz paýhasy bilen dünýä garasam,Nepim degip, il derdine ýarasam.* * *Ýigitlikde zor bolsa-da kuwwatyň,Durmuş derýasynda azdyr öwrümiň.Güýç bilen paýhasyň deňleşen çagy,Kämillikde — güýzde giňär göwrümiň.* * *Batbörek deý al-asmanda galgaýa,Ömrüm guşlugyny baharym saýdym.Tylla güýzde — ömrümiň «ak öýläni»,Goýalan pikirdir oýumy ýaýdym.* * *Güýze ýetip, çar ýanyma syn kyldym,Geň-enaýy syrdan doly bu dünýä.Akyl ýetirere onuň syrlarna,Meniň güýzüm juda gysga görünýä.* * *Pederler pendine ýürekden uýup,Baharda öwrendim, tomus öwrendim.Güýzümde goýalyp «aklym käsesi»,Bilýänlermiň zerreligne jowrandym.* * *Güýz paýhasy bilen pikir öwürip,Ynsanlara düşünmäge synandym.«Güýze» ýeten käbir «akyl» kişiniň,Özgelere düşmeýänne gynandym.* * *Ýazda geçen biweç günleriň görner,Güýze ýetdiň, bir yzyňa gara sen!Ýene biweç günleň bolmazy üçin,Seljer bu durmuşyň agyn-garasyn!